+993 12 383922
Türkmendemirýollary
Powered by Asman Oky
Biz barada
Islendik ýük herekedi, bu ýerden başlanýar...
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7.
Tel.: +993 (12) 940813
Email: tde@online.tm
Duşenbe-Anna
09:00 - 18:00
Sebidiň ulag-logistika düzümine innowatiw çözgütleri hödürleýäris
“Demirýollary” AGPJ özüniň täzelenen ýük gatnawlary ulgamy bilen ýurdumyzyň çäginde hereket edýän we halkara gatnawlar üçin onlaýn hyzmatlary hödürleýär.

Täze ulgam arkaly demirýollaryň ýük gatnawlaryndan peýdalanýan taraplar onlaýn usulda ýüztutma arkaly demirýol koduny alyp bilerler. Demir ýol kody arkaly girmek mümkin bolan “Şahsy otag” bolsa siziň ýüztutma we arzalaryňyzy, tölegleriňizi, wagonlaryňyzy we tölegler bilen bagly resminamalaryňyzy onlaýn dolandyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistan bilen eksport-import söwda gatnaşyklaryny gurnaýan we Türkmenistanyň çäginden tranzit ýüklerini geçirýän kärhanalar mundan beýläk Türkmenistanda şahamça açmazdan we wekil bellemezden ähli ýüztutma we töleglerini onlaýn amala aşyryp bilerler.
Ulgam geoykdysady aýratynlygy we tebigy baýlyklary bilen tapawutlanýan Türkmenistan döwletinden amala aşyrjak birža söwdalaryňyzyň dünýä bazarynda baha we elýeterlilik taýdan tapawutlanmagyna goşant goşar.

Täzelenen ulgam söwda, önümçilik, gurluşyk we senagat kärhanalarynyň öňünde goýan wagt we baha bilen bagly meýilnamalaryny üstünlikli tamamlamagyna goldaw berer.

“Demirýollary” AGPJ sebitiň ulag-logistika düzümine saldamly goşant goşjak ulgamy halkymyza we daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyza elýeterli etmegiň şatlygynda ýaşaýar.