Awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly üstaşyr ýük geçirijiler mundan beýläk Türkmenistana gelmezden ýa-da şahamça açmazdan, ýükleriniň resmileşdirip töleglerini onlaýn usulda amala aşyryp bilerler. Üstaşyr ýükleri Türkmenistanyň çäginde yzarlamak täze ulgam arkaly mümkin.
Dünýäniň dürli künjeginden harytlary import edýän hem-de daşary ýurtlara önümlerini eksport edýän kärhanalar üçin döwrebap çözgütleri hödürleýäris. Önümiň görnüşine görä wagonlary saýlamak we hereketlerini onlaýn yzarlamak täze ulgamda mümkin.
Uly göwrümli gurluşyk we senagat işlerini amala aşyrýan kärhanalar, taslamalary üçin niýetlenilen ýük we enjamlarynyň gatnawlaryny amala aşyrmak üçin demirýollarynyň ýük gatnawlaryndan giňden peýdalanyp bilerler.
Ýerli we halkara bazarlaryna önümleriňizi çykarmak üçin ygtybarly çözgüt. Şeýle hem, täze ulgam arkaly ýurdumyzyň etraplaryna we şäherlerine öndürilen harytlaryň ýaýradylmagy has amatly we çalt ýerine ýetirip bilersiňiz.
Söwda bilen meşgullanýan kärhanalar mundan beýläk “Demirýollary” AGPJ-niň ýük gatnawlary arkaly öz işleriniň gerimini giňeldip hem-de kämilleşdirip bilerler. Täze ulgam arkaly ýük gatnawlarynyň meýilleşdirilmegi has çalt we ygtybarly.