Islendik ýük herekedi, bu ýerden başlanýar...
Demir ýol kodyna ozal eýe bolan taraplaryň täzeden hasaba durmagy ýa-da töleg etmegi talap edilmeýär. Ulgamdan we şahsy otag aýratynlygyndan peýdalanmak üçin ýük gatnawlary bölümine ýüz tutup bilersiňiz. Saýdymyzyň “Tehniki goldaw” sahypasyndaky telefon belgileri bilen jaňlaşmagyňyzy, ýa-da saýt arkaly bize ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Täze ulgamdan peýdalanmak üçin taraplaryň ählisiniň email salgylaryny tassyklatmagy zerur.
Eger-de ozaldan Sizde demir ýol kody ýok bolsa, "Hasaba alyş" bölümine salgylanyň.
Söwda bilen meşgullanýan kärhanalar mundan beýläk “Demirýollary” AGPJ-niň ýük gatnawlary arkaly öz işleriniň gerimini giňeldip hem-de kämilleşdirip bilerler. Täze ulgam arkaly ýük gatnawlarynyň meýilleşdirilmegi has çalt we ygtybarly.
Dünýäniň dürli künjeginden harytlary import edýän hem-de daşary ýurtlara önümlerini eksport edýän kärhanalar üçin döwrebap çözgütleri hödürleýäris. Önümiň görnüşine görä wagonlary saýlamak we hereketlerini onlaýn yzarlamak täze ulgamda mümkin.
Awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly üstaşyr ýük geçirijiler mundan beýläk Türkmenistana gelmezden ýa-da şahamça açmazdan, ýükleriniň resmileşdirip töleglerini onlaýn usulda amala aşyryp bilerler. Üstaşyr ýükleri Türkmenistanyň çäginde yzarlamak täze ulgam arkaly mümkin.