+993 12 383922
Türkmendemirýollary
Powered by Asman Oky
Bildirişler
Täzelikler we bildirişler
Ozal demir ýol kodyna eýe bolup, demir ýol hyzmatyndan peýdalanýan taraplara täzeden hasaba durmak gerekmi?
28 Aprel, 2023 ý.

Demir ýol kodyna ozal eýe bolan taraplaryň täzeden hasaba durmagy ýa-da töleg etmegi talap edilmeýär. Ulgamdan we şahsy otag aýratynlygyndan peýdalanmak üçin Ýük gatnawlary bölümine ýüz tutup bilersiňiz (Telefon belgileri: 38-39-22, 38-39-24). Goşmaça soraglar boýunça, saýdymyzyň “Tehniki goldaw” sahypasyndaky telefon belgileri bilen jaňlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Halkara ýük gatnawlaryna degişli bolan arzanladyşlar we ýeňillikler
26 Mart, 2021 ý.

TRL sahypamyzda häzirki wagtda hereket edýän we halkara ýük gatnawlaryna degişli bolan arzanladyşlar we ýeňillikleriň şertleri barada maglumatlar ýerleşdirildi. Bu maglumatlar üstaşyr ýük gatnawlaryna, eksport we import ýük gatnawlaryna görä aýratynlykda görkezilýär. Wagonlaryň eýeçiligine, stansiýalara we daşalýan ýüklere görä bar bolan arzanladyşlar bilen şu ýerden tanyşyp bilersiňiz.

Şahsy otagdan peýdalanmak üçin öň bar bolan demir ýol kodyňyzy tassyklatmak
23 Dekabr, 2020 ý.

Demir ýol kodyna ozal eýe bolan taraplaryň täzeden hasaba durmagy ýa-da töleg etmegi talap edilmeýär. Ulgamdan we şahsy otag aýratynlygyndan peýdalanmak üçin ýük gatnawlary bölümine ýüz tutup bilersiňiz. Saýdymyzyň “Tehniki goldaw” sahypasyndaky telefon belgileri bilen jaňlaşmagyňyzy, ýa-da saýt arkaly bize ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Täze ulgamdan peýdalanmak üçin taraplaryň ählisiniň email salgylaryny tassyklatmagy zerur.

Eger-de ozaldan Sizde demir ýol kody ýok bolsa, "Hasaba alyş" bölümine salgylanyň.

Demirýollarynyň ýük gatnawlaryna degişli ähli tölegleriňizi onlaýn amala aşyryň
23 Dekabr, 2020 ý.

Ýük iberijiler we kabul edijiler Demirýollarynyň ýük gatnawlaryna degişli bolan ähli töleglerini onlaýn amala aşyryp bilerler. Wagonlary kärendä almak, ýol nyrhlary we peýdalanylýan hyzmatlar üçin ähli tölegleri onlaýn usulda tölemek üçin ulgamyň "Şahsy otag" bölümine giriň we "Hasap Fakturalar" bölümini açyň. Siziň amala aşyrmaly tölegleriňiziň ählisiniň hasap fakturalaryny bu bölümden görüp bilersiňiz. 

Eger-de siz telekeçi patenti bilen hereket edýän bolsaňyz, tölegleriňizi telekeçi hasaplaşyk kartlaryndan ulgamdan onlaýn ýerine ýetirip bilersiňiz. Kärhanalar töleglerini bank arkaly amala aşyrandan soňra, skanirlenen töleg tabşyrygyny ulgam arkaly tassyklamaga ugradyp bilerler. 

Şeýle-de, tölemäge degişli hasap fakturalar döredilende we tölegiňiz tassyklananda kärhananyň elektron salgysyna maglumat iberiler. 

Täze ulgam arkaly tölegleriňizi onlaýn usulda hasaplap bilersiňiz
23 Dekabr, 2020 ý.

Täze ulgam arkaly ýol nyrhlary, wagonlara gözegçilik etmek üçin ýygymlar, ýük gatnawy döwründe wagon bilen üpjün etmek we resmileşdirmek işleri, şeýle hem barjak we ýüklenjek stansiýalaryndaky şahamçalara laýyklykda strelka çalyşmak ýygymy, başmak goýmak ýygymy, wagonlary ýüklemäge bermek we düşürmäge bermek boýunça ýygymlary onlaýn usulda hasaplap bilersiňiz. 

Bahalaryňyzy onlaýn hasaplamak üçin "Baha hasaplamak" bölümine salgylanyň.