Ýük gatnawy üçin logistika merkeziniň internet saýdy we şahsy otagyndan peýdalanmak üçin, kompýuterden girmegiňizi haýyş edýäris.
+993 12 383922
Şahsy otag
Powered by Asman Oky
Bilim synagy | Şahsy otag | TRL
SYNAGA ÝAZYLŞYK
ŞAHADATNAMALAR
KÖP SORALÝAN SORAGLAR
Bilim synagy kimlere degişli?
Demir ýol ýük gatnawlarynda stansiýalardan ýükleri ýüklemegiň tehniki howpsuzlygy bilen tanyşmak we bu boýunça bilim synagyny tabşyrmak ähli ýük iberiji taraplaryň wekilleri üçin hökmanydyr. Şol sebäpli ýükleri ibermek isleýän bolsaňyz, haýsy hem bolsa bellenen wekiliňiz bu synagdan geçip, 2 ýyl möhleti bolan degişli şahadatnamany almalydyr.
Bilim synagyndan geçmek üçin tölegleri barmy?
Hawa, bilim synagyndan geçmek üçin ýörite bellenilen tölegleri bar. Bu tölegler ýerli kärhanalar üçin GBÜS hasaba almak bilen 437.85 manat, daşary ýurt taraplar üçin bolsa 125.1 ABŞ dollarynda bellenilen. Synagdan geçmek üçin wagt belläniňizde, döredilen hasap faktura esasynda tölegleri geçirmek online hem amala aşyrylyp biliner. Bu hasap faktura esasynda synag gününe çenli tölegleri geçirmek we tassyklatmak maslahat berilýär.  
Synagyň senesi we kabul edilýän wagtlary?
Synag hepdäniň Duşenbe-Anna günleri aralygynda, irden sagat 09:00-dan 12:30 çenli, şeýle hem 14:00-dan 17:30-a kabul edilýär. Synaga online ýazylan wagtyňyzda bu sagatlaryň çäginde özüňize laýyk wagty saýlap bilersiňiz. Şeýle hem baýramçylyk günleri ýa-da kabul edilmeýän günler, synaga ýazylan wagtyňyzdaky senenamada görkezilýär.
Synagyň geçirilýän ýeri nirede?
"Bilim synagy her wekil üçin bellenilen günde we sagatda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän "Demirýollary" AGPJ binasynyň 1-nji gatynda geçirilýär. Binanyň doly salgysyny we habarlaşmak üçin telefon belgilerini "Habarlaşmak" sahypasyndan tapyp bilersiňiz."