Ýük gatnawy üçin logistika merkeziniň internet saýdy we şahsy otagyndan peýdalanmak üçin, kompýuterden girmegiňizi haýyş edýäris.
+993 12 383922
Şahsy otag
Powered by Asman Oky
Wagonlarym | Şahsy otag | TRL
Gözleg
Gözleg netijesi boýunça hiç ýazgy ýok
KÖP SORALÝAN SORAGLAR
Bu ýerde haýsy wagonlar görünýär?

Bu ýerde umumy maglumatlar binýadynda hasaba alynan we siziň eýeçiligiňizde bolan wagonlaryň sanawy görkezilýär. Özüňize degişli bolan ýa-da belli bir döwür aralygynda kärendesine alan wagonlaryňyz hem bu ýerde görüner.

Täze wagony nädip hasaba almaly?

Täze wagony ulgamda hasaba almak üçin, wagonyň seriýa belgisi we tehniki şahadatnamasy ýa-da kärende alynan bolsa kärende şertnamasy bilen bilelikde, goldaw merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Kärendesine alan daşary ýurt wagonlarym bu ýerde görünmelimi?

Hawa, kärendesine alynan daşary ýurt wagonlary hem ulgamda bir gezek hasaba alynýar we kärende döwründe eýeçiligi size degişli bolandygy sebäpli görkezilýär. Eger-de bu görnüş wagon siziň şahsy otagyňyzda çykmaýan bolsa, goldaw merkezine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Üstaşyr geçirilýän wagonlar bu ýere girizilmelimi?

Üstaşyr, import, eksport görnüşli ýük gatnawlarynda peýdalanýan wagonlaryňyz bu ýerde görünmän biler. Bu ýerde diňe siziň eýeçiligiňizdäki wagonlar görkezilýär.

Hususy we kärendesine alan wagonlaryňyzy bu ýerden yzarlaň!
Hususy we kärendesine alan wagonlaryňyzyň sanawy bu ýerde görünýär. Wagonlaryňyzyň häzirki wagtda nirede ýerleşýändigini, olaryň abatlaýyş we tehniki barlaglaryna degişli ýazgylary görüp bilersiňiz. Bulardan başga hem her bir wagonyň özüne degişli faýllaryny, şertnama nusgalaryny saklamaga mümkinçilik döredilen.

Eger-de öz eýeçiligiňizde wagon bolup, käbir sebäplere görä bu sanawda çykmasa, Goldaw merkezi bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Üns beriň, diňe bir gezek ýük gatnawynda size berkidilen we ýüküňizi wagon bilen üpjün edilenler bu sanawda görkezilmeýär.