+993 12 383922
Türkmendemirýollary
Powered by Asman Oky
Import we eksport
Ýükleriň alyjylara tiz gowuşmasy üçin çözgütler
Serhetýaka nokatlar:
Ýurt Nireden / Nirä Serhetýaka nokadymyz
Özbegistan 737800 Naýmankul 758607 Tahiataş
730801 Hojadöwlet 750307 Farap
734408 Nişan 759301 Tallimerjen
734709 Surhanobod 749901 PZD 161
Azerbeýjan 553002 Alýat 754609 Türkmenbaşy
Russiýa 614403 Port Olýa 754609 Türkmenbaşy
Gazagystan 664703 Bolaşak 756407 Serhetýaka
Eýran Inçeburun 87700 Akýaýla
Lýuftabat 752302 Artyk
Sarahs 756905 Sarahs
Owganystan Turgundy 756206 Serhetabat
Akina 877300 Ymamnazar
Alyjylaryň we iberijileriň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek biziň maksadymyz
Dünýäniň dürli künjeginden harytlary import edýän hem-de dürli ýurtlara dürli görnüş önümleri eksport edýän kompaniýalar mundan beýläk Demirýollary AGPJ-iň ýük gatnawlary arkaly täze we döwrebap çözgütlerden peýdalanmaga başlarlar. Häzirki ýagdaýda ýurdumyzyň çäginde 11 nokatdan serhatýaka ýük gatnawlaryny gurnamak mümkin.

Ylaýta-da ýurdumyzdan nebit, himiýa we tekstil önümlerini, azyk iýmitleri, we ilatyň köp sarp edýän önümlerini eskport etmek bilen meşgullanýan kompaniýalar üçin awtoulag we howa gatnawlary bilen deňeşdirilende has arzan we ygtybarly ýük gatnawlaryny gurnamak demirýol gatnawtlary arkaly mümkin. Bu mümkinçilik bolsa ýurdumyzdan eksport edilýän harytlaryň dünýä bazarynda baha taýdan ýaryşmaga ukybyny artdyrýar.

Eksport we import işleri bilen meşgullanýan kompaniýalar has agyr we giň göwrümli ýüklerini (senagat we başga maksatly) gatnatmagy hem demirýollary arkaly amala aşyryp bilerler.
  • Amatly gatnaw arkaly eksporta we importa ukyply harytlaryň görnüşini artdyrmak;
  • Dürli görnüşli ýükler üçin niýetlenilen wagonlardan peýdalanmak;
  • Halkara gatnawlar üçin ýeňillikli baha hasaplamagy amala aşyrmak;
  • Birža arkaly satylýan harytlaryň gatnawyny çalt hasaplap ýaryşa ukyply söwdalary gurnamak;
  • Üstaşyr ýük geçirmegiň wagtyny we bahasyny onlaýn meýilleşdirmek;
  • Import we eksport harytlaryň onlaýn ulgam arkaly ýerleşýän ýerlerini anyklamak.
Ýüküňiz soňky nokada barýança, wagonlar bilen üpjün etmek

Gazagystana, Özbegistana, Russiýa Federasiýasyna, Eýrana we beýleki ýurtlara ýükleriňiziň iberilýän döwründe, wagonlar bilen üpjün etmek we olary halkara ylalaşyk esasynda mugt yzyna getirmek boýunça hyzmatlarymyz bar. Eksport edilýän harytlaryňyzy soňky nokadyna barmasy üçin aşakdaky görnüşde wagonlar bilen üpjün edýäris.

 

  • Hopper
    546,02 manat
  • Ýapyk wagon
    546,02 manat
  • Platforma
    546,02 manat
  • Ýarym wagon
    546,02 manat
  • Termos wagon
    546,02 manat
  • Çelek wagon
    546,02 manat
  • Agaç wagon
    546,02 manat
  • Bunker wagon
    546,02 manat
  • Däne daşaýan
    546,02 manat
  • Dökün daşaýan
    546,02 manat
  • Dumpkar
    546,02 manat
  • Hopper dozator
    546,02 manat
  • Refrežerator wogon
    546,02 manat
Türkmenistanyň ulag we logistika merkezinden soňky teklipler!
“Demirýollary” AGPJ import we eksport edilýän ýükleriň diňe Türkmenistanyň çägindäki hereketleri, ýagny import ýüklerini serhetýaka giriş nokady Sarahs stansiýasyndan alyp, Gypjak stansiýasyna getirmek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär. Ulgamdaky baha hasaplamak we ýük gatnawlary hem diňe bu aralyk boýunça işleýär.

Ýöne muňa garamazdan, “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ähli ugurlar boýunça ekspeditorlyk hyzmatyny hödürleýär. Dünýäniň islendik nokadyndan ýükleri, wagonlary we konteýnerleri getirmek ýa-da ibermek boýunça hyzmatlary bar.
TEKLIP EDILÝÄN UGURLAR ORTAÇA BAHA ABŞ DOLLARYNDA
NIREDEN/NIRÄ 20 FT KONTEÝNER 40 FT KONTEÝNER WAGT
MERSIN - TÜRKMENBAŞY PORT 3 040,00 USD 3 680,00 USD 20 GÜN
DERINJE - TÜRKMENBAŞY PORT 3 272,00 USD 3 980,00 USD 20 GÜN
GAZIANTEP - TÜRKMENBAŞY PORT 2 980,00 USD 3 600,00 USD 10 GÜN
IZMIR - TÜRKMENBAŞY PORT 3 297,00 USD 4 010,00 USD 50 GÜN
DEŇIZLI - TÜRKMENBAŞY PORT 3 235,00 USD 3 920,00 USD 20 GÜN
ÇINDAO - TÜRKMENBAŞY PORT (Serhetýaka üsti bilen) 4 480,00 USD 4 428,00 USD 20 GÜN
ŞANHAÝ - TÜRKMENBAŞY PORT (Serhetýaka üsti bilen) 3 880,00 USD 4 828,00 USD 20 GÜN
URUMÇI - TÜRKMENBAŞY PORT (Serhetýaka üsti bilen) 2 770,00 USD 4 148,00 USD 20 GÜN
Ýokarda görkezilen bahalar ortaça bahalar bolup, doly baha almak üçin TULM AGPJ ýüzlenmegiňizi haýyş edýäris. Bu ýük gatnawlarynyň diňe Türkmenistanyň çägindäki bölegi boýunça “Demirýollary” AGPJ hyzmat berýär.
KÖP SORALÝAN SORAGLAR
Eksport ýükleri ýüklenen ýerinde gümrüklenýärmi, serhetýaka geçiriş nokatlarynda goşmaça resminamalar soralýarmy?

Ýüklenen ýerinde gümrüklenýär. Ýüklenen ýerindäki gümrük işgäriniň taýýarlan resminamalary bilen serhetýaka gümrük nokady tanyşyp bilýär. Goşmaça resminama soralmaýar.

Import-eksport gatnawyna degişli nähili şertnama ýüklemeli?

Ýük satýan we alýan taraplaryň arasyndaky şertnamanyň nusgasy, ýa-da öndüriji hökmünde çykyş edýän bolsaňyz ygtyýarnamanyň nusgasyny ýüklemek hökmanydyr. Eger-de import ýa-da eksport ýük gatnawyny ýerine ýetirýän bolsaňyz onda şertnama nusgasynyň TDHÇMB-da hasaba alynan nusgasyny ýüklemek soralýar.

Bahalar nämelere esaslanýar?

Import, eksport ýükler GDA ýurtlarynyň bitewi nyrhnama syýasaty (ТП СНГ 2021) boýunça hasaplanýar.