+993 12 383922
Türkmendemirýollary
Powered by Asman Oky
Iri söwda
Satyjy we alyjynyň arasynda ygtybarly ýol
Konteýner 20t
Konteýner 30t
Konteýner 40t
Nireden
NIRÄ
Jemi: 0,00 TMT
Söwda bilen meşgullanýan kärhanalar üçin amatly gatnawlar
Söwda bilen meşgullanýan kompaniýalar mundan beýläk “Demirýollary” AGPJ ýük gatnawlary arkaly öz işleriniň gerimini giňeldip hem-de kämilleşdirip bilerler. Demirýollaryň düzümindäki gaz-himiýa önümleri, gurluşyk we iýmit önümleri üçin niýetlenilen, çelek görnüşli, açyk we ýapyk wagonlar şeýle hem sowadyjyly wagonlar arkaly ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän harytlaryny isleýän nokatlaryna iň amatly we ygtybarly usulda gatnadyp bilerler.

Söwda maksatly gatnadylýan harytlaryň amatly gatnaw usuly bolsa harytlaryň ilata has hem elýeterli bolmagyna goşant goşar. Gatnawlary has ýygjam bolan söwda edaralary ozalkydan has çalt we aňsat usulda öz işgärlerini demirýollarynda wekil hökmünde hasaba alyp, gatnaw meýilnamasyny gurnap bilerler.
  • Demirýollaryna wekil bellemek üçin ýeňillikli ulgam;
  • Söwda hereketlerini takyk gurnamak maksatly logistika meýilnamasyny taýýarlamak;
  • Ýeňillikli töleg we bugalteriýa guramaçylygy;
  • Ygtybarly, ynamdar we amatly ýük gatnawlary bilen söwda kärhanalarynyň baha syýasatyna oňaýly goşant;
  • Halkara we ýurdyň içindäki gatnawlar bilen söwdanyň gerimini giňeltmek.
KÖP SORALÝAN SORAGLAR
Aýratyn ideg talap edýän ýükleri daşamak maksatly sowadyjyly wagonlar barmy?

Sowadyjyly wagonlar bar. Saýtda muňa degişli maglumaty tapyp bilersiňiz. Sowadyjy wagonlar üçin aýratyn nyrhnama düzgüni ulanylýar.

Ýükler demir ýolyň ýük gatnawlarynyň gijä galdyrmagy sebäpli zaýalansa jogapkäçilik kime degişli?

Eger-de diňe demirýol ýük gatnawlarynyň jogapkärçiligi sebäpli saklanan bolsa, Demirýol ýük gatnawlary jogapkärçiligi doly öz üstüne alýar. Eger-de beýleki gulluklar tarapyndan saklansa, jogapkäçilik demirýol ýük gatnawlarynda galmaýar. Zaýalanmak howpy bolan ýükleriň gatnaw şertini öňünden demirýol ýük gatnawlary bilen ylalaşmaly.

Şol bir wagona iki sany aýratyn telekeçi ýüklerini ýükläp bilýärmi?

Ýok, her wagon bir telekeçi ýa-da bir ýük ugradyjy tarapyndan ugradylýar.

Şol bir wagonda birnäçe görnüşli ýükleri daşamaga rugsat berilýärmi?

Rugsat berilýän ýükler bar. Haýsy ýüküň haýsy ýük bilen bile ugratmaga rugsat berilýänini demir ýol ýük gatnawlary bilen ylalaşmaly.

Ýükler daşamak üçin harytlar bilen bagly nähili resminamalar soralýar?

Önümiň gelip çykyşy barada resminamalar soralýar.

Stansiýa çenli ýada stansiýadan ýükleri äkitmek üçin awtoulag hyzmaty hödürlenýärmi?

Ýok, hödürlenmeýär.

Şol bir wagona ýüklenen ýükleri iki ýada köp stansiýalarda bölekläp düşürmek mümkinmi?

Mümkin däl. Her bir wagon diňe bir nokatda ýüklemäge we düşürmäge rugsat berilýär.

Söwda üçin niýetlenilen ýükleriň tölegini alyjy we satyjy tölemeginde tapawut barmy?

Ýüklere degişli bolan tölegleri, ýük gatnawy meýilleşdirilende we ýüzlenme iberilende taraplaryň haýsy biriniň ýerine ýetirýändigi ylalaşylýar. Töleýji bolup çykyş edýän tarap alyjy, ýük iberiji ýa-da üçünji ekspeditor hyzmatlaryny ýerine ýetirýän tarap bolup biler.