+993 12 383922
Türkmendemirýollary
Powered by Asman Oky
Üstaşyr
6 ýurdy 11 nokatdan birikdirýäris

Giriş we çykyş stansiýalaryny saýlaň.

giriş

çykyş

Bu sahypada diňe gysgaça maglumat bolup, has takyk bahany hasaplamak üçin wagon görnüşlerini we tonnalary girizip formy ulanyň.

GYSGA MAGLUMAT
Üstaşyr ýüklerine degişli ähli işleri gelmezden, wekiliňiz bolmazdan, onlaýn ýerine ýetirip bilersiňiz
“Demirýollary” AGPJ doly awtomatlaşdyrylan ulgamy halka hödürlemek arkaly ýurdumyzyň ulag-logistika ugrunda uly üstünlige gadam basýar. Awtomatlaşdyrylan ulgamyň elýeterli edilmegi bilen üstaşyr ýükleriň ýurdumyzyň çäginden geçirilmegi has hem aňsatlaşdyrylýar.

Ýurdumyzyň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny hil taýdan täze sepgitlere ýetirmäge goşant goşjak bu taslama arkaly üstaşyr ýük geçelgeleriniň ähli meýilleşdirme we resmileşdirme işleri doly onlaýn usulda amala aşyrylar.

Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleri gurnamak üçin, ilki bilen saýdymyz arkaly bahany hasaplamak, demir ýol koduny almak üçin online görnüşde hasaba durmak we ýük gatnawy üçin ýüzlenmäni onlaýn ibermek, ylalaşmak we bu boýunça tölegleri geçirip bilersiňiz.
  • Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portyna birikdirilen ulgam;
  • Türkmenistanyň çägindäki banklara depozit mukdar goýmazdan, diňe geçirilýän ýüküň tölegini amala aşyrmak;
  • Üstaşyr ýük geçirmegiň wagtyny we bahasyny onlaýn meýilleşdirmek;
  • Dünýä biržalaryndaky tenderlere gatnaşýan işewürlere, ýol harajatlaryny onlaýn hasaplamalary üçin şert;
  • Ýük wagonlarynyň Türkmenistanyň çäginde nireden barýandygyny onlaýn yzarlamak mümkinçiligi.
KÖP SORALÝAN SORAGLAR
Üstaşyr ýükleriň bahalary nämelere esaslanýar?

Import, eksport we üstaşyr ýükler GDA ýurtlarynyň bitewi nyrhnama syýasaty (ТП СНГ 2021) boýunça hasaplanýar.

Üstaşyr ýük gatnawyny gurnaýan taraplaryň Türkmenistanda şahamçasynyň bolmagy zerurlykmy?

Üstaşyr ýük gatnawyny gurnaýan taraplaryň Türkmenistanda şahamçalarynyň ýa-da wekilleriniň bolmagy mundan beýläk zerurlyk däl.

Üstaşyr ýükler üçin tölegler haýsy pul birliginde amala aşyrylýar?

Üstaşyr ýüklere degişli hyzmatlar boýunça hasaplaşyk işleri ABŞ-nyň dollary (USD) pul birliginde amala aşyrylýar.

Daşary ýurt taraplar üçin demir ýol kodyny almagyň tölegi näçe?

Daşary ýurt taraplaryň demir ýol kodyny almak üçin tölegi, GBÜS hasaba almak bilen 2057,48 ABŞ-nyň dollary. Demir ýol kodyny online almak üçin "Hasaba alyş" sahypasyna geçiň.

Awtoulag arkaly Türkmenistanyň çägine giren ýükleriň demir ýol arkaly dowam etdirilmegi mümkinmi?

Hawa, Türkmenistanyň çägine giren awtoulagyň konteýneri, tirkegi ýa-da awtoulagyň özi Türkmenistanyň çäginde demirýollary arkaly dowam edip biler. 

Üstaşyr ýükler üçin haýsy resminamalar soralýar?

Demirýollary tarapyndan ýüküň gelip çykyşy bilen bagly resminamalar soralýar. Üstaşyr ýükler bilen bagly  başga gulluklar tarapyndan soralýan resminamalaryň jogapkärçiligini Demirýollary öz üstüne almaýar.