Ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin tehnikalary ulanmak, kranlary ulanmak, wagonlary möhürlemek ýaly ýygymlar göz öňünde tutulmaýar.
Ýokardaky bahalarda ýol nyrhy, wagonlara gözegçilik etmek üçin ýygymlar, ýük gatnawy döwründe wagon bilen üpjün etmek we resmileşdirmek işleri, şeýle hem barjak we ýüklenjek stansiýalaryndaky şahamçalara laýyklykda strelka çalyşmak ýygymy, başmak goýmak ýygymy we ýüklemäge bermek, düşürmäge bermek boýunça ýygymlar hasaplanýar. Bulardan daşary ýükleri ýüklemek üçin, ýa-da ammarlarda saklamak, ýörite tehnikalary ulanmak boýunça, ýüze çykyp biljek hyzmatlaryň bahalary stansiýada hasaplanýar.
Ýerli bahalar guramanyň görnüşine görä Preýskurant 1001 tarif kitapçasy boýunça, hususy kärhanalar, demirýol we býudjet edaralary üçin niýetlenen nyrhnamalar boýunça hasaplanýar., Import, eksport we üstaşyr ýükler bolsa GDA ýurtlarynyň bitewi nyrhnama syýasaty (ТП СНГ 2021) boýunça hasaplanýar.
Stansiýalarda umumy ýollar, ýagny her bir ýük iberijiniň ýa-da ýük kabul edijiniň ulanyp biljek, demir ýola degişli bolan şahamçalary bar. Bu şahamçalardan daşary başga taraplara degişli bolan ýollar hem bar. Bu ýollarda ýükleri ýüklemek ýa-da düşürmek üçin şahamçanyň eýesinden ýörite rugsatnamanyň bolmagy gerekli. Rugsatnama belli bir wagt aralykda berilip, ulgamda hasaba alynandan soňra, Siziň edaraňyz üçin bu şahamçalary ulanmaga mümkinçilik dörediler. Öz rugsadyňyzyň bar şahamçalaryny, şahsy otagdan görüp bilersiňiz. Bulardan daşary stansiýadaky köpçülige açyk we rugsatnamasyz herkimiň ulanyp bilýän ýollary barada Stansiýalar sahypasynda giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilen.
Eger-de ýükleme we düşürme işlerini ýük iberiji ýa-da ýük kabul edijiniň özi amala aşyrýan bolsa goşmaça töleg talap edilmeýär. Eger-de demirýollarynyň ýük gatnawlaryndan we ýükleme-düşürme enjamlarynda peýdalanmak göz öňünde tutulsa, ýükleriň baryp düşýän ýa-da ýüklenilýän stansiýasyndan hyzmatlar üçin tölegleri hasaplatmaly.