+993 12 383922
Türkmendemirýollary
Powered by Asman Oky
Önümçilik
Çig-mal we taýýar önümleriň gatnawy
Ýerli we halkara bazarlaryna önümleriňizi çykarmak üçin ygtybarly çözgüt
Ýurdumyzyň çäginde dürli görnüşli önümçilik bilen meşgullanýan kärhanalar üçin täzelenen ulgam uly ýeňillik bolup hyzmat edýär. Täze ulgam arkaly daşary ýurtlardan getirilýän çig mallar we beýleki zerur bolan harytlar has amatly we ygtybarly gatnadylýar. Şeýle hem, täze ulgam arkaly ýurdumyzyň etrap we şäherlerine öndürilen harytlar alyjylara çalt ýetirilýär.

Dürli görnüş hojalyk harytlary we azyk önümleri üçin bolsa üsti ýapyk we sowadyjyly wagonlar hyzmat edýär. Önümçilik kärhanalary öz işleriniň guramaçylygyny has hem çaltlaşdyrmak üçin birnäçe demirýol agentlerini ýeňillik bilen täzelenen ulgamyň "Hasaba alyş" bölüminden goşup bilerler. Has çalt we bökdençsiz gatnawlary gurnamak üçin önümçilik kärhanalary öz wagonlary bilen hem hyzmatdaşlyk saklap bilerler.
  • Ýurdumyzyň çägindäki ençeme etrap we şäherlere göni gatnaw gurnamak;
  • Amatly, ygtybarly we çalt gatnawlardan peýdalanmak;
  • Söwda işlerini gurnamaga oňaýly täsiri bolan takyk wagt meýilnamasy;
  • Ygtybarly, ynamdar we amatly ýük gatnawlary bilen söwda kärhanalarynyň baha syýasatyna oňaýly goşant.
Önümleriňizi goňşy ýurtlara ibermek üçin logistika teklipleri

“Demirýollary” AGPJ import we eksport edilýän ýükleriň diňe Türkmenistanyň çägindäki hereketleri, ýagny import ýüklerini serhetýaka giriş nokady Sarahs stansiýasyndan alyp, Gypjak stansiýasyna getirmek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär. Ulgamdaky baha hasaplamak we ýük gatnawlary hem diňe bu aralyk boýunça işleýär.

Ýöne muňa garamazdan, “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ähli ugurlar boýunça ekspeditorlyk hyzmatyny hödürleýär. Dünýäniň islendik nokadyndan ýükleri, wagonlary we konteýnerleri getirmek ýa-da ibermek boýunça hyzmatlary bar.

TEKLIP EDILÝÄN UGURLAR ORTAÇA BAHA ABŞ DOLLARDA
NIREDEN/NIRÄ 20 FT KONTEÝNER 40 FT KONTEÝNER WAGT
TÜRKMENBAŞY PORT - MERSIN 1 574,00 USD 2 177,00 USD 20 GÜN
TÜRKMENBAŞY PORT - DERINJE 1 808,00 USD 2 478,00 USD 20 GÜN
TÜRKMENBAŞY PORT - KAKLYK 1 761,00 USD 2 418,00 USD 10 GÜN
TÜRKMENBAŞY PORT- MARŞANDIZ 1 820,00 USD 2 430,00 USD 50 GÜN
TÜRKMENBAŞY PORT - ÇINDAO 2 973,00 USD 3 745,00 USD 20 GÜN
TÜRKMENBAŞY PORT - ŞANHAÝ 3 373,00 USD 4 145,00 USD 20 GÜN
TÜRKMENBAŞY PORT - URUMÇI 2 263,00 USD 3 465,00 USD 20 GÜN
TÜRKMENBAŞY PORT - ISKENDERUN 1 547,00 USD 2 141,00 USD 20 GÜN
Ýokarda görkezilen bahalar ortaça bahalar bolup, doly baha almak üçin TULM AGPJ ýüzlenmegiňizi haýyş edýäris. Bu ýük gatnawlarynyň diňe Türkmenistanyň çägindäki bölegi boýunça “Demirýollary” AGPJ hyzmat berýär.
KÖP SORALÝAN SORAGLAR
Aýratyn ideg talap edýän ýükleri daşamak maksatly sowadyjyly wagonlar barmy?

Sowadyjyly wagonlar bar. Saýtda muňa degişli maglumaty tapyp bilersiňiz. Sowadyjy wagonlar üçin aýratyn nyrhnama düzgüni ulanylýar.

Ýükler demir ýolyň ýük gatnawlarynyň gijä galdyrmagy sebäpli zaýalansa jogapkäçilik kime degişli?

Eger-de diňe demirýol ýük gatnawlarynyň jogapkärçiligi sebäpli saklanan bolsa, Demirýol ýük gatnawlary jogapkärçiligi doly öz üstüne alýar. Egerde beýleki gulluklar tarapyndan saklansa, jogapkärçilik demirýol ýük gatnawlarynda galmaýar. Zaýalanmak howpy bolan ýükleriň gatnaw şertini öňünden demirýol ýük gatnawlary bilen ylalaşmaly.

Şol bir wagona iki sany aýratyn telekeçi ýüklerini ýükläp bilýärmi?

Ýok, her wagon bir telekeçi ýa-da bir ýük ugradyjy tarapyndan ugradylýar.

Şol bir wagonda birnäçe görnüşli ýükleri daşamaga rugsat berilýärmi?

Rugsat berilýän ýükler bar. Haýsy ýüküň haýsy ýük bilen bile ugratmaga rugsat berilýänini demir ýol ýük gatnawlary bilen ylalaşmaly.

Ýükler daşamak üçin harytlar bilen bagly nähili resminamalar soralýar?

Ýerli ýük gatnawlary üçin ýükleri daşamakda ýük satýan we alýan taraplaryň arasyndaky şertnamanyň nusgasy, ýa-da öndüriji hökmünde çykyş edýän bolsaňyz ygtyýarnamanyň nusgasyny ýüklemek hökmanydyr. Eger-de eksport ýük gatnawyny ýerine ýetirýän bolsaňyz onda şertnama nusgasynyň TDHÇMB-da hasaba alynan nusgasyny ýüklemek soralýar.

Şol bir wagona ýüklenen ýükleri iki ýada köp stansiýalarda bölekläp düşürmek mümkinmi?

Mümkin däl. Her bir wagon diňe bir nokatda ýüklemäge we düşürmäge rugsat berilýär.

Harytlarymyz köp görnüşli we hemmesini bir wagona ýükläp bolmaýan harytlar, nähili çözgüt hödürleýärsiňiz?

Her görnüş üçin aýratyn wagon almaly.